logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /​​​​​​​Halal zähmet—bagtyýar durmuş
  18.12.2023
840
​​​​​​​Halal zähmet—bagtyýar durmuş

Parahorlyk - jemgyýetçilik durmuşynyň hadysalaryndan, ykdysadyýetden başlap, ahlaga çenli, biziň durmuşymyzyň dürli ugurlaryna örän ýaramaz täsirini ýetirýär. Bu ýagdaýyň ýüze çykmagy erbet netijelere getirip, ýurduň ösüş ýolunda düýpli päsgelçilikleri döredip bilýär. Parahorlugyň we korrupsiýanyň döremegine getirýän şertleri aradan aýyrmak bolsa diýseň möhümdir. Arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek biziň ählimiz üçin baş ýörelge bolmalydyr.

 

 

Korrupsiýa garşy göreşmek jemgyýetiň öňünde durýan esasy wezipeleriniň biridir. Şeýlelik-de, ýurdumyzda parahorluga we korrupsiýa garşy göreşmegiň ýörite döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanylýar. Onuň esasy maksady jemgyýetimizde korrupsiýanyň döremegine getirýän sebäpleri we şertleri köki-damary bilen aýyrmakdan ybarat bolup durýandyr.

 

 

Häzirki döwürde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parahorluga, korrupsiýa garşy berk göreşmegiň zerurdygy barada nygtaýandygyna garamazdan, haramlyga ýüz urýanlaryň bardygy ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr. Bu nogsanlyga garşy göreşi güýçlendirmek barada döwlet Baştutanymyzyň aýdanlaryny tüýs ýürekden makullamak bilen, haramlyga baş goşup, ilden daşlaşyp, abraýdan düşen wezipeli adamlary hemmeler berk ýazgarýarlar.

 

 

Muhammet MYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.