logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Poetry /«HALAÝYK, ÝAZ ÝETIP GELDI» - Dursun TEKÄÝEWA, şahyr.
  28.02.2023
1239
«HALAÝYK, ÝAZ ÝETIP GELDI» - Dursun TEKÄÝEWA, şahyr.

Geýip ýaşyl ketenisin,
Gaýşardypjyk petekesin,
Çaslandyryp çeşmäň sesin,
Halaýyk, ýaz ýetip geldi.

Oglan-gyzyň göwnün hoşlap, 
Gülleň ygşyldysyn buşlap,
Ynsan dünýäsine hoşbap,
Halaýyk, ýaz ýetip geldi.

Düzlere geýdirip elwan,
Ysyny kükedip selmäň,
Keşbini özgerdip herbap,
Halaýyk, ýaz ýetip geldi.

Günleriň göwheri bolup,
Paýhasyň jöwheri bolup,
Ajap bir sowsany bolup,
Halaýyk, ýaz ýetip geldi.

Älemgoşaryn güjeňläp,
Hikmeti özünde jemläp,
Günlere boýuny deňläp,
Halaýyk, ýaz ýetip geldi.

Arkadagly Serdarly il,
Ýagşylyga baglaýar bil,
Bolup gözellige kepil,
Halaýyk, ýaz ýetip geldi.