logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /«Halk bähbitli işler rowaçlanýar» ady bilen maslahat geçirildi
  29.03.2023
687
«Halk bähbitli işler rowaçlanýar» ady bilen maslahat geçirildi

Ýakynda  Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  Tejen  etrap  birleşmesiniň  iş  meýilnamasy esasynda  Tejen  etrabynyň Tejen  şäher  Jemagat  hojalygy  müdirliginde  «Halk  bähbitli  işler  rowaçlanýar» ady  bilen  maslahat  geçirildi. Oňa  jemgyýetçilik  guramalarynyň  başlyklary, Jemagat  hojalygynda zähmet  çekýän  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  işjeň  agzalary  gatnaşdy.

Maslahatda  çykyşlara  uly  orun  berildi, onda Türkmenistanyň  Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  Tejen  etrap  birleşmesiniň  başlygy  G.Sähedow,   Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşiniň başlygy A.Aýdogdyýew, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň başlygy A.Ataliýew, Tejen etrap häkimliginiň hünärmeni D.Artykow çykyşlarynda  berkarar  döwletimiziň  täze  eýýamynyň  galkynyşy  döwründe  hormatly  Prezidentimiziň  baştutanlygynda  ýurdumyzyň  ähli  ulgamlarynda  ýetilýän  belentlikleriň  her  bir ädimde  duýulýandygyny, Türkmenistanyň  Halk  maslahatynyň  mejlisi hem  halkymyzyň  agzybirliginiň, bitewiliginiň, parahatçylyk we ynsanperwerlik  ýörelgelerine  ygrarly  bolup, oňyn  özgertmeleriň  ýolundan  ynamly  öňe  barýandygyny, hormatly Prezidentimiziň şeýle-de  halk  hojalygyny  ösdürmekde  hususy  pudaklaryň şertlerini  döredýändigini, daşky  gurşawa tebigy baýlyklarymyza  aýawly  çemeleşip,  olary  tygşytly ulanmagy, tebigatyň  arassalygyny saklamagy boýunça geçirýän  işlerimizi  hem dowam  etdirmelidigimizi belläp, halkymyz  üçin  döredilýän  iş  şertleriniň  ähmiýeti  hakynda  giňişleýin  gürrüň  edildi.

Maslahata  gatnaşyjylar  raýatlaryň  eşretli  we  bagtyýar  durmuşda  ýaşamagy we  zähmet  çekmegi  ugrunda  edýän  tagallalary üçin  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza  alkyş  sözlerini  aýtdylar. 

 

Guwanç   HOJAGELDIÝEW,

Tejen  etrabynyň  Tejen   şäheriniň
Jemagat  hojalygy  müdirliginiň
Kärdeşler  arkalaşyklarynyň  ilkinji
guramasynyň  başlygy.