Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Frankfurtda “Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri” forumy üstünlikli tamamlandy ✦ ✦ TSTP-da startapçylaryň arasynda duşuşyk geçirildi ✦ ✦ “Sanly çözgüt—2025” bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi ✦ ✦ Milli oýunlaryň çaga terbiýesindäki orny ✦ ✦ «Türkmentel – 2025» öz işine başlady ✦ ✦ Pekinde «Hytaý diliniň Bütindünýä maslahaty – 2025» atly halkara çäre geçirildi ✦ ✦ Sanly dolandyryş ulgamynda döwletiň täze ösüş tapgyry ✦ ✦ TDEI-de bag ekmek dabarsy geçirildi ✦ ✦ Mekdebe çenli ýaşlarda çagalar üçin milli oýunlaryň ähmiýeti ✦ ✦ Türkmenistan bilen Ýewropanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeýär ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Halk bilen döwletiň jebisliginiň nyşany
  11.09.2025
2459
Halk bilen döwletiň jebisliginiň nyşany

Türkmen halky üçin Garaşsyzlyk diňe bir döwletliligiň nyşany däl, eýsem, erkinligimiziň, geljegimiziň we bagtyýar durmuşymyzyň kepilidir. Şu mukaddes baýramyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli ilaty aýratyn bir ruhubelentlik bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görýär. Bu forum diňe bir syýasy çäre bolman, halk bilen döwletimiziň arasyndaky jebisligiň, ynamyň we ösüş ýolundaky täze başlangyçlaryň beýanydyr.


19-njy sentýabrda geçiriljek umumymilli maslahat öňünden uly taýýarlyk işleriniň alnyp barylmagy bilen tapawutlanýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilýän guramaçylyk işleriniň maksady — bu forumy diňe bir döwlet derejesinde däl, eýsem, dünýäde abraýly derejede geçirmekdir. Şeýle çärelere gatnaşmak halkymyzyň gadymdan gelýän maslahat gurmak däpleriniň häzirki döwrüň ösüş maksatlary bilen utgaşdyrylýandygyny görkezýär.


Halk Maslahaty jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň sesini birleşdirýän, ýurdumyzyň ösüş ýolunda täze meýilnamalaryň kesgitlenýän beýik mekdebi bolup çykyş edýär. Bu ýerde alnyp barylýan pikir alyşmalar ýurdumyzyň syýasy-ykdysady ösüşinde täze belentlikleriň ýoluny açýar.


Garaşsyzlyk bize öz ykbalymyzy özümiz kesgitlemek hukuklaryny berdi. Şonuň üçin hem her ýyl geçirilýän Halk Maslahatynyň mejlisi Garaşsyzlygyň mizemezliginiň, halkymyzyň jebisliginiň hem-de döwletimiziň parahatçylykly ösüşiniň kepili hökmünde ähmiýetlidir. Bu maslahat türkmen jemgyýetiniň ösüş ýolunda täze sahypa açmaga, halkymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen maksatlaryň dabaralanmagyna hyzmat eder.

Gülälek MERDANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň II ýyl talyby.