logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Halk hazynasynda haly önümleriniň beýany
  15.02.2023
1158
Halk hazynasynda haly önümleriniň beýany

Halyçylyk sungaty – mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň gudraty bilen döreýän gadymy hem nepis sungat. Göreniňde özüne maýyl edýän halynyň taryhyna ser salanyňda, özüniň şol sungatyň eýesi bolan halkyň perzendidigiňe buýsanmak has-da ýakymly. Çünki, türkmen gelin gyzlarynyň uz barmaklarynyň gudratyndan döreýän halylar, haly önümleri, biziň durmuşyny bezeýär, bedew batly ösüp barýan döwrümize täze öwüşgin çaýýar.

Waspy dessana mynasyp türkmen halylarynyň ýokary çeperçiligini mährem zenanlarymyzyň yhlas bilen dokan halylarynyň her bir nagşyna siňdiren isleg-arzuwlary, halkymyzyň däp-dessurlarydyr, milliligi babatdaky rowaýata öwrülip duran göllerinde aýdyň görmek bolýar. Olar bu ajaýyp sungatyň üsti bilen asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan baý taryhymyzy beýan etmegi başarypdyrlar. Haly we haly önümleri halk hazynasynda hem giňden beýan edilip, dürlüçe atlandyrylýar:  

Asmaly – toý güni düýäni bezemek üçin ulanylýan haly.

At haly – atyň arkasyna atylýan haly.

Germeç – eňsiniň daş ýüzünden öýüň bosagasynyň bezegi üçin ulanylýan haly önümi.

Düýe dyzlygy – toý günleri düýäniň öň aýagynyň dyzyny bezemek üçin ulanylýar.

Iklik – ik we ikbaş saklamak üçin ulanylýan haly önümi.

Kejebelik – toý güni kejebäni bezemek üçin ulanylýan haly önümi.

Torba – gap-gaç we ownuk zatlar üçin niýetlenen haly önümi.

Ümürduman – öýüň içini bezemek üçin ulanylýan haly. Olar öýüň tüýnügini saklaýan uklaryň uçlaryna berkidilýär.

Horjun – ýola gidilende götermek we ownuk zatlar saklamak üçin niýetlenen haly önümi.

Uk ujy – göçülende ulanylýan haly, ol öýüň ugruna geýdirip daňylýar.

Çuwal – geýim we öý goşlaryny saklamak üçin ulanylýan haly.

Eýerlik – atyň üstüne dakylýan haly önümi. 

 

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.