logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Society /Halk Maslahaty ýurdumyzyň geljegine gönükdirilýän strategik maksat
  11.09.2025
1054
Halk Maslahaty ýurdumyzyň geljegine gönükdirilýän strategik maksat

Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirilýär. Bu giň gerimli forum diňe bir döwletimiziň iň ýokary wekilçilikli edarasy hökmünde däl, eýsem, halkymyzyň ösüş ýolunda täze belentliklere tarap alyp barýan giňişleýin başlangyçlaryň aýdyň subutnamasy hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.


Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasat halkyň bähbidine gönükdirilýär. Bu syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagyna Halk Maslahatynyň mejlisleri hem öz oňyn täsirini ýetirýär. Milli Liderimiz, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan taýýarlyklar häzirki döwürde bu mejlise aýratyn ähmiýet berýär. 20-nji awgustda Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler nobatdaky uly maslahaty ýokary derejede geçirmäge badalga berdi.


Halk Maslahaty türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklarynyň wekillerini birleşdirýän ýokary derejeli gurama hökmünde ýurdumyzda halk häkimiýetiniň aýdyň nyşanydyr. Onda döwletiň ösüşinde gazanylan üstünlikler, täze ykdysady şertlerde öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň mejlisleri diňe bir syýasy forum bolman, eýsem, ýurdumyzyň geljegine gönükdirilýän strategik maksatlaryň kesgitlenýän giňişligi bolup çykyş edýär.


Garaşsyzlyk türkmen halkyna milli ýörelgelere, demokratik ýörelgelere we halkara hukuk kadalaryna daýanyp, öz ýoluny saýlamak mümkinçiliklerini berdi. Şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň mizemezliginiň, halkymyzyň Prezidentimiziň daşyna jebisleşmeginiň hem-de ýurdumyzyň täze ösüş tapgyrynyň kepili hökmünde ähmiýetlidir.

Nurjan BABAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň III ýyl talyby.