logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Halkara Awtomenzil — Hazar» ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy
  03.04.2023
1096
«Halkara Awtomenzil — Hazar» ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy

Hormatly ýolagçylar, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Awtomobil ulag hyzmaty AGPJ-i tarapyndan, ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 01-dan başlap, «Halkara Awtomenzil — Hazar» ugry boýunça täze gatnaw ýola goýuldy.

Hepdäniň her güni Halkara Awtomenzilden sagat 08:00-da, Hazar şäherinden sagat 10:00 da gatnawlaryň hereket edýändigini Siziň dykgatyňyza ýetirýäris.