logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Halkara baýragyň eýeleri paralimpiýa sport türgenleri sylaglandy
  08.04.2024
667
Halkara baýragyň eýeleri paralimpiýa sport türgenleri sylaglandy

Olimpiýa şäherçesiniň “Başa-baş söweş sungaty” sport toplumynda halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, altyn medallary gazanan türkmenistanly türgenlerini sylaglamak dabarasy boldy.

 

Şol sanda sportuň paralimpiýa görnüşi boýunça üstünlikli çykyş eden türgenler Hojaýew Muhammet, Matýakubowa Roza, Çaryýew Işkuwwat,  Saparow Baýramgeldi hem sylagdan paý aldylar.

 

Bu türgenler 25-nji fewral — 8-nji mart aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde para-pauerlifting boýunça Dünýä kubogy ugrunda geçirilen ýaryşlarda Türkmenistanyň adyndan çykyş edipdiler. Para-pauerlifting daýanç-hereket ulgamlaryndan ejir çekýän türgenler üçin niýetlenen sportuň paralimpiýa görnüşi bolup durýar.