logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi
  09.12.2025
572
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 230-dan gowrak raýatyň günäsi geçildi

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda — 12-nji dekabra bagyşlanyp — Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 231 raýatyň günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi. Bu çözgüt 6-njy dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde yglan edildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Mejlisde döwlet Baştutany günä geçmek çäreleriniň Türkmenistanda kök uran ynsanperwer däpdigini belläp, eden etmişine ökünip, toba gelen adamlara adaty durmuşlaryna dolanmaga mümkinçilik berýändigini nygtady.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

 

Şeýlelikde, Türkmenistan ýene-de bir gezek ynsanperwerlik we rehimdarlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady we ýüzlerçe raýata halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklary üçin mümkinçilik berdi.