Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Syýasat /Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriljek çäreler:
  14.11.2022
920
Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriljek çäreler:

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Hökümet mejlisinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esaslarynyň biridigi bellenildi. Ýurdumyzyň BMG-de agzalygynyň 30 ýyllygy bellenilýän şu ýylda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 27 ýyllygy giňden dabaralandyrylar.

Şanly waka mynasybetli ýurdumyzda birnäçe çäreleri guramak meýilleşdirilýär. Ýagny, şolaryň hatarynda:

Merkezi Aziýa döwletleriniň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk mejlisi bar. Bu çäre Aşgabatda ýokarda agzalan köptaraplaýyn dialogda ýurdumyzyň ýolbaşçylyk etmeginiň çäklerinde geçiriler.

Mundan başga-da, paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň Strategik barlag institutlarynyň nobatdaky duşuşygyny, Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki duşuşygyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Şanly sene mynasybetli geçiriljek esasy çäreleriň biri «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahat bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda bu foruma taýýarlyk işleri alnyp barylýar, degişli Konsepsiýanyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde ýyllyk duşuşygy geçirmek meýilleşdirilýär. Bu çäre şu ýyl döredilmeginiň 15 ýyllygyny belleýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň howandarlygynda geçiriler.

Şunuň bilen birlikde, paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Daşary işler ministrliginiň işgärleriniň we ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda däp bolan sport ýaryşlaryny guramak göz öňünde tutulýar.