logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Sports /Halkara hokkeý ýaryşyna taýýarlyk görülýär
  11.04.2024
702
Halkara hokkeý ýaryşyna taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport boýunça döwlet komiteti ýurduň Bilim ministrligi bilen bilelikde 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinden 20-nji apreline çenli Aşgabatda geçiriljek halkara hokkeý ýaryşyna meýletinçileri taýýarlaýar. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

 

Bäsleşige dünýäniň dürli künjeklerinden 10 topar gatnaşar. Meýletinçiler, Döwletmämmet Azady adyny ndaky Türkmen Milli Dünýä diller institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersiteti ýaly ýokary okuw jaýlarynyň 200 talyby bolar.

 

Meýletinler akkreditasiýa kartoçkalaryny almaga, daşary ýurtly myhmanlara we lukmançylyk işgärlerine kömek eder. Meýletinçi islendik soraga jogap berip biler ýa-da meseläni çözmek üçin kime ýüz tutmalydygyny aýdyp biler.

 

Leýli KULHANOWA,
D.Azady adyndaky Türkmen milli Dünýä dilleri
institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 
5-nji ýyl talyby.