logo

Latest news:
✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦ ✦ Jebisligiň ykrarnamasy ✦ ✦ Türkmenistan — ÝUNESKO: hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi ✦ ✦ Türkmen diplomatiýasy parahatçylygyň kepili ✦ ✦ Azyk bolçulygyna goşant ✦ ✦ Çagalaryň sagdyn ösüşi ugrunda alada ✦ ✦ Halkara hukugynyň kadalary ✦
Home / Society /Halkara hukugynyň kadalary
  30.09.2026
17
Halkara hukugynyň kadalary

Gahryman Arkadagymyz «Biz daşary syýasatyň we halkara gatnaşyklarynyň guraly hökmünde harby güýji düýbünden ret edýäris. Türkmenistan islendik ýagdaýlary parahatçylykly serişdeler we usullar arkaly kadalaşdyrmaga birinji derejeli ähmiýet berýär» diýmek bilen daşary syýasat ugrumyzyň binýatlyk esasyny goýdy. Häzirki wagtda şol işler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli amal edilýär. Geçen ýyl BMG-niň 80-nji ýubileý sessiýasynda döwlet Baştutanymyz 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmegi teklip edipdi.

 

Hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzyň adyndan hödürlän bu teklibi goldanyp, Nýu-Ýork şäherinden hoş habar gelip gowuşdy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi bir tarapdan türkmen halkyna goýulýan hormat-sarpany aňlatsa, ikinji bir tarapdan milli diplomatiýamyzyň parahatçylyk söýüjilige, dostanalyga ýugrulandygyny alamatlandyrýar. Şeýle-de halkara hukugynyň kadalarynyň berjaý edilmeginiň tarapdarydygyny subut edýär.

 

Halkara hukugy diňe bir subýektleriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmän, eýsem, olaryň arasyndaky dostlugyň berkemegine-de ýol açýar. Sebäbi tertip-düzgün bar ýerinde ösüş, abadançylyk, ynam bar. Bu häsiýetler  bolsa ata-baba arzylanyp gelipdir. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen Milletler Bileleşiginde kabul edilen Kararnamalaryň-da ählisinde manyly ömürleri adalata ýugrulan eždatlarymyzyň pähim-paýhasy ýatyr.

 

Mähri MERGENOWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň Bilim we pedagogika

fakultetiniň başlangyç bilim we terbiýe hünäriniň

1-nji ýyl talyby.