logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Agriculture /Halkara maslahat geçirildi
  23.02.2023
976
Halkara maslahat geçirildi

Türkmenistanyň  hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň täzeçillik häsiýetine ýugrulan durmuş-ykdysady strategiýanyň rowaçlanmagy döwletimiziň çalt depginler bilen ösüşinde aýdyň görünýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberiniň artmagy ýurdumyzyň önümçiliginiň ýokary ösüş kuwwatyny kesgitleýär. Ykdysady netijeliligiň ýokary derejesi döwlet tarapyndan ileri tutulýan ugurlara maýa goýumlaryň maksatlaýyn esasda gönükdirilmegi, önümçiligiň döwrebap hilde guralmagy, önümleriň hili we olara hyrydarlaryň köplügi bilen gönüden-göni bagly bolup durýar. «Arkadag Serdarly Bagtyýar ýaşlar» ýylynda ähli ugurlary öz içine alýan, hil taýdan täze, okgunly ösüşlere bagyşlaýan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň dünýäniň öňdebaryjy döwletleriňkä kybap bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlara ak pata berildi. Olaryň çäklerinde «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça toplumlaýyn işler badalga aldy. Konsepsiýa milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, oňa sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksadyny nazarlaýar.

Ýurdumyzda halkara ylmy hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda 22-nji fewralda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, S.A. Nyýazow adyndaky oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Çelýabinsk oblastynyň Oba hojalyk ministrliginiň, Günorta Ural bagçylyk we ýeralmaçylyk ylmy-barlag institutynyň, günorta Ural döwlet agrar uniwersitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahaty geçirildi. 

Wideoşekilli iş maslahatda esasy öňe sürlen meseleler: 

1. Halkara ylmy hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak;
2. Üzüm düýplerini gyrkmagyň, timarlamagyň we onuň gabarasyny döretmegiň meseleleri;
3. Tohumyndan köpeldilen gysga boýly (karlik) nahallardan intensiw tipli alma baglaryny döretmegiň usullary;
4. Miweli, ir-iýmişli baglary, üzümi suwarmagyň innowasion tehnologiýalary;
5. Ýeralmany ösdürip ýetişdirmegiň tehnologiýasyny kämilleşdirmek we taraplary gyzyklandyrýan beýleki birnäçe meseleler barada giňişleýin özara maslahatlaşyldy.
 

Hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmakda dünýä tejribesinden ugur almakda, sanly oba hojalygyny ornaşdyrmak esasynda halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn, jany sag, belent başy aman bolsun! 

 

Aýbek TAJYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy