logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Halkara maslahat we sergi öz işine başlady
  03.05.2023
1029
Halkara maslahat we sergi öz işine başlady

Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Onuň açylyşy aýdym-sazly dabara bilen utgaşdy.

Açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023» atly II halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda bellenilşi ýaly, ýokary derejede geçiriljek II halkara maslahatyň we serginiň biziň gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ösmegine, tutuş sebitde ulag üpjünçilik ulgamlarynyň ygtybarly binýadynyň döredilmegine uly itergi berer.

Sergi Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa­lar agent­li­gi­niň guramagynda geçirilýär. Serginiň diwarlyklarynda ulag-logistika pudagynda uly tejribe toplan milli düzümleriň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýeten sepgitleri görkezilýär.