Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar üçin startap bäsleşigi geçiriler ✦ ✦ IT ulgamynda startap bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ «Garaşsyzlyk ösüşleriň-özgerişleriň çeşmesidir» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat ✦ ✦ «Startaplar we ekoulgamlar» atly seminar geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk — halkyň milli buýsanjy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — döwlet syýasatynyň berk sütünidir ✦ ✦ Ýurdumyzda ykdysady ösüşler ✦ ✦ Türkmenistanda täze etraplar döredildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Halkara matematika olimpiadasynyň jemi jemlendi
  30.03.2024
470
Halkara matematika olimpiadasynyň jemi jemlendi

29-njy martda Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mejlisler zalynda mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasynyň jemi jemlendi.


 

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen geçirilen Halkara matematika olimpiadasy 26-njy martda öz işine başlap, mekdep okuwçylarynyň zehinini, ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmaklyga we olaryň bilim ulgamynda dünýägaraýşynyň has-da giňemegine ýardam etdi.


 

Olimpiadanyň jemi şahsy we toparlaýyn görnüşinde jemlendi. Şeýlelik-de Russiýa Federasiýasynyň, Türkmenistan döwletimiziň, Hytaý Halk Respublikasynyň toparlary üstünlikli çykyş edip, gowy netijeleri görkezdiler. Ýeňijiler medallar, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Üstünlikli çykyş eden Russiýa Federasiýasynyň mekdep okuwçylaryna «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 10 günlük dynç almaga mümkinçilik döredýän petek gowşuryldy.


 

Şeýle-de, Halkara olimpiadanyň geçýän döwründe daşary ýurtdan gelen mekdep okuwçylary Aşgabat şäheriniň gözel künjeklerine gezelenç etdiler. Halkara olimpiada gatnaşan mekdep okuwçylary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň guramagynda çagalar üçin paýtagtymyzda ýaňy ýakynda açylan “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezinde geçirilen çärä gatnaşdylar.

 

Allamyrat Gapurow,
TMÝG-niň işjeň agzasy,
Magtymguly adyndaky TDU-niň
2-nji ýyl talyby.