logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Culture /Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar geçirildi
  22.03.2025
1073
Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar geçirildi

Türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi uly şatlyk bilen garşylady. Esasy dabaralar däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň “Nowruz ýaýlasynda” geçirildi. Gadymy döwürlerden bäri Nowruz tebigatyň janlanmagyny we täze başlangyçlary alamatlandyrýar. ÝUNESKO tarapyndan adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen bu baýram halklaryň dostlugyny we medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşýar.

 

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelen bu ýyl Nowruzyň ähmiýeti has-da ýokarlandy. Şu günki dabaralarda halkymyzyň parahatçylyk, dostluk we ynanyşmak däplerine esaslanýan baý medeni mirasy wasp edildi. “Nowruz ýaýlasynda” folklor-etnografik sahna eserleri görkezilip, milli senetçilik we amaly-haşam sungatynyň ajaýyp nusgalary sergilendi. Türkmen halylary, keşdeçilik we zergärçilik sungaty bilen birlikde, milli tagamlaryň we däp-dessurlaryň özboluşlylygy myhmanlara tanyşdyryldy.

 

At çapyşyk, hiňňildik uçmak, folklor çykyşlary we sahnalaşdyrylan oýunlar baýramçylyk dabarasynyň ruhuny has-da belende göterdi. Ahalteke bedewlerine atlanan çapyksuwarlar öz ussatlygyny görkezip, ýurdumyzyň atçylyk sungatynyň şöhratyny has-da beýgeltdiler.

 

Baýramçylyk çäreleri diňe bir “Nowruz ýaýlasynda” däl, eýsem, Arkadag şäherinde we welaýatlardaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňünde hem geçirildi. Nowruz dünýä halklarynyň özara düşünişmegini we hyzmatdaşlygyny berkitmäge çagyryş bolup, Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň dabaralanmagynyň nyşanyna öwrüldi.

 

Begençgeldi GUWANJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.