Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilýän halkara bäsleşikler we olimpiadalar ýaşlaryň zehinini açmakda, olaryň diplomatik ukyplaryny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly III halkara bäsleşik hem ýaş diplomatlaryň ukyp synagyna öwrüldi.
Bu bäsleşikde gatnaşyjylar halkara gatnaşyklary, geosyýasat, medeni diplomatiýa we Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty boýunça dürli soraglara jogap berdiler. Şeýle hem olar derwaýys meseleler boýunça seljerme geçirip, öz pikirlerini daşary ýurt dillerinde beýan etdiler.
Bäsleşigiň açylyş dabarasynda çykyş eden halkara bilermenler şeýle intellektual ýaryşlaryň ýaşlaryň giň dünýägaraýşyny kemala getirmekde, olaryň pikirleniş ukybyny ösdürmekde we liderlik häsiýetlerini kämilleşdirmekde möhüm rol oýnaýandygyny nygtadylar.
Häzirki döwürde diplomat diňe bir daşary syýasaty bilýän hünärmen bolman, eýsem, birnäçe dili erkin bilýän, halkara hukugyny özleşdiren, seljerme geçirmek ukybyna eýe bolan şahs bolmalydyr. Şeýle bäsleşikler bolsa ýaşlara hut şol başarnyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Bäsleşigiň dowamynda gatnaşyjylar özleriniň çykyşlarynda halkara hyzmatdaşlygyň geljegi, durnukly ösüş maksatlary, ekologiýa howpsuzlygy we medeni diplomatiýa baradaky garaýyşlaryny beýan etdiler.
Türkmenistanyň ýaşlarynyň daşary ýurtly deň-duşlary bilen bilelikde gatnaşmagy olaryň özlerine bolan ynamyny artdyrýar, halkara tejribesini baýlaşdyrýar we täze üstünliklere ruhlandyrýar.
Şeýlelikde, halkara olimpiada ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, geljekki diplomatlary taýýarlamak we ýurdumyzyň intellektual kuwwatyny artdyrmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.
Sara ATALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.