logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Halkara Olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi
  10.03.2025
1979
Halkara Olimpiadanyň açylyş dabarasy geçirildi

2025-nji ýylyň mart aýynyň 10-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “Nazary mehanika” dersi boýunça IV​ Açyk halkara internet olimpiadasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Halkara Olimpiadanyň açylyş dabarasy truwbaşdan ýokary ruhy galkynyşa eýe boldy. Onda diňlenilen çykyşlarda bellenilişi ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän Bilim özgertmeleri öz oňyn netijelerini berýär. Halkara derejesindäki bu olimpiada ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 22 -sinden​ talyp ýaşlaryň 184 -si, 17 daşary ýurt döwletleriň 85 sany ýokary okuw mekdeplerinden talyp ýaşlaryň 517 -si, umumylykda 107 ýokary okuw mekdebinden 700 -den gowrak talyp ýaşlar gatnaşýar. Halkara internet olimpiada Türkmenistanyň sanly bilim ulgamynda gazanan netijelerini, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalaryny ulanmakda ukyp başarnyklaryny görkezýär, şeýle hem Milli ykdysadyýetiň durnukly ösýän şertlerinde bilim tehnologiýalaryny netijeli ulanmaga, zehinli talyp ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berýär. Halkara internet olimpiadasy 5 gün dowam edip, talyp ýaşlar şahsy we toparlaýyn görnüşinde bäsleşerler. Üstünlikli geçiriljek olimpiada gatnaşan talyp ýaşlar ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda okamaga, öwrenmäge, döretmäge hem-de şeýle bäsleşiklere gatnaşmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi