logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Halkara olimpiadanyň ýeňijileri
  19.06.2022
1342
Halkara olimpiadanyň ýeňijileri

13-14-nji iýunda Gazagystan-Nemes uniwersitetiniň guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň “Durnukly ösüş maksatnamasynyň” çäklerinde talyplaryň halkara olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň hem-de ýokarda ady agzalan ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar. Bu halkara Olimpiada Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň göreldeli talyplary hem maksatnamanyň 6, 7, 9, 11 we 13-nji ugurlary boýunça gatnaşdylar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça bu uniwersitetiň Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň dekany Röwşen Işangulyýewiň, şeýle hem şol fakultetiň mugallymy Tumar Akmyradowanyň taýýarlan talyplary 9 we 11-nji ugurlar esasynda aşakdaky baýrakly orunlara:

  1. Laçyn Myratgulyýewa, Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Innowatika hünäriniň 2-nji ýyl talyby - I orun;
  2. Izzetow Rüstem, Innowasiýalaryň ykdysadyýeti fakultetiniň Innowatika hünäriniň 1-nji ýyl talyby - II orun.

6, 7 we 13-nji ugurlar boýunça Ekologiýa we ekologiki tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri Bahadyr Ýuldaşowyň taýynlan talyplary bolsa şu aşakdaly baýrakly orunlara mynasyp boldular:

  1. Atageldiýewa Şeker, Himiki we nanotehnologiýalar fakultetiniň Nanomateriallar hünäriniň 3-nji ýyl talyby – II orun;
  2. Ataýewa Selbi, Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň Biotehnologiýa hünäriniň 1-nji ýyl talyby – II orun;
  3. Nazarowa Ymsymtäç, Biotehnologiýa we ekologiýa fakultetiniň Ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak hünäriniň 3-nji ýyl talyby – III orun.

Şeýlelik bilen, olimpiadanyň 2-nji tapgyrynda, ýagny döwlet derejesinde baýrakly orna mynasyp bolan  Laçyn Myratgulyýewa sebitleýin geçiriljek 3-nji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.

 

Sähra Akmyradowa

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar

 uniwersitetiniň  2-nji ýyl talyby