logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Politics /«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – sport parahatçylygyň ilçisi» atly dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi
  17.05.2025
1548
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – sport parahatçylygyň ilçisi» atly dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi

Paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – sport parahatçylygyň ilçisi» atly dabaraly hoşallyk maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. 

 

Maslahat türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyşlary arkaly ýurdumyzyň sport abraýyny dünýä ýüzünde belende götermegi we bu ýeňişleriň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giňden wagyz etmek maksady bilen guraldy.

 

Bu dabaraly maslahata hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular we eneler, metbugat wekilleri, sport, medeniýet, sungat, bilim we ylym ulgamlarynyň işgärleri bilen bir hatarda talyp ýaşlar hem gatnaşdylar.

 

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda ýurdumyzda sport ulgamynda gazanylan üstünlikleriň iň beýikleriniň biri hökmünde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Çagyryş Ligasynyň final duşuşygyndaky taryhy ýeňşini aýratyn bellediler. 

 

Mähri HOJAÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.