logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy özgertmeler amala aşyryldy
  29.12.2025
430
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda taryhy özgertmeler amala aşyryldy

26-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşyp, 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň netijeleri jemlenip, geljek ösüş ugurlary kesgitlenildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

Döwlet Baştutanymyz tamamlanýan ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň taryhynda aýratyn orun eýeleýändigini belledi. Ýylyň möhüm halkara wakalarynyň biri ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegi boldy.

 

Hormatly Prezidentimiz ýylyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň 44, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 11 mejlisiniň, şeýle hem 24 döwlet maslahatynyň geçirilendigini aýdyp, olaryň dowamynda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleriniň çözülendigini nygtady. Şeýle-de, ýurduň ösüşine gönükdirilen täze kanunlar kabul edildi.

 

Milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda durnukly ösüş gazanyldy, zähmet haklary, pensiýalar, kömek pullary we talyp haklary wagtynda tölenildi. Ýurduň ähli sebitlerinde önümçilik, medeni-durmuş we ýaşaýyş desgalarynyň gurluşygy dowam etdirildi.

 

Mejlisiň dowamynda 2026-njy ýylyň şygary we nyşany tassyklanyldy. Döwlet Baştutanymyz bu teklibi goldap, geljek ýylyň şygaryny «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip yglan etdi. Bu şygar milli däpleriň dowamatyny, buýsanjy we döwletimiziň depginli ösüşini alamatlandyrýar.

 

Aýçemen NOBATOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek
kafedrasynyň mugallymy.