logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /HALKARA SERGILER ÖZ IŞINE BAŞLADY
  11.08.2019
1096
HALKARA SERGILER ÖZ IŞINE BAŞLADY

     11-nji awgustda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar halkara innowasion tehnologiýalar” hem-de “Türkmen sährasy 2019” atly halkara awtosergisi öz işine başlady. Birinji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde geçirilýän bu giň göwrümli sergä Hazarýaka döwletlerinden başga-da, dünýäniň ençeme ýurdundan wekiller gatnaşýar. “Hazar halkara innowasion tehnologiýalar” sergisinde Hazarýaka döwletleriň milli bölümleri, şeýle-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň nebitgaz, energetika hem-de himiýa pudaklaryndaky täzeçil çözgütleri, önümçilik enjamlary, senagatyň dürli pudaklarynyň önümleri, serişdeleri görkezilýär. Hytaýyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Germaniýanyň, Gollandiýanyň, BAE-niň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň kompaniýalarynyň sergi bölümleri hem uly gyzyklanma döredýär.
  “Türkmen sährasy 2019” atly sergide dünýäniň awtomobil gurluş ulgamynyň ýeten derejesi öz beýanyny tapýar. Sergide ýeňil, ýolagçy hem-de ýük awtoulaglarynyň, ýörite tehnikalaryň täze görnüşleri, awtomobil gurluşynda täzeçil işläp taýýarlamalar, audio-wideo serişdeleri, gorag we bekleýji ulgam, howpsuzlyk üpjünçiligi enjamlary görkezilýär. Awtomobil gurluşygy, awtoserişdeleriň önümçiligi we awtoulaglaryň önümçiliginiň we
oňa hyzmat etmegiň ähli ugurlaryny döretmekde halkara awtosergisiniň ähmiýeti örän uludyr.