logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi
  31.10.2022
1136
Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi

Golaýda, paýtagtymyzda Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ikinji mejlisi geçirildi. Foruma Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar.

Mejlisiň dowamynda Halkara  «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň prezidentiniň Çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ygtyýarly wekili Ruslan Kabirow halkara assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu guramanyň işine mundan beýläk-de öz goşandyny goşmaga taýýardygyny aýtdy.

Assosiasiýanyň agzalygyna täze kabul edilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Bedfordşir graflygyndan itşynas Antonio Lo Raso hem-de Çehiýa Respublikasyndan hususy itşynas Wiktor Barsa hemmeleri Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlap, özlerine bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler we assosiasiýanyň agzalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassykladylar.

Dabaranyň çäklerinde alabaýyň keşbi beýan edilen şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, çaphana önümleriniň, fotosuratlaryň, haly önümleriniň we heýkelleriň sergisi guraldy.