logo

Latest news:
✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦
Home / Science and Education /Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
  23.04.2026
24
Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: Ylmyň we innowasion tehnologiýalaryň dabaralanmagy” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň mejlisler zalynda guralyp, oňa ýurduň hem-de daşary döwletleriň köp sanly bilermenleri gatnaşdy.

 

Maslahatyň dowamynda häzirki döwürde ylmyň we tehnologiýanyň ösüş derejesi, şeýle hem olaryň geljekki ösüş mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi. Açylyş dabarasynda Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň direktory, himiýa ylymlarynyň doktory Durdymyrat Gadamow çykyş edip, gatnaşyjylary gutlady we halkara hyzmatdaşlygyň ylmy ösüşdäki ähmiýetini nygtady.

 

Çärä birnäçe daşary ýurtly hünärmenler onlaýn görnüşde hem gatnaşdy. Russiýaly Oleg Aleksandrin innowasion ykdysadyýeti ösdürmegiň ugurlary boýunça çykyş etdi. Hytaýly bilermenler Çžan Sýao we Sýan Weý ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri hem-de mikrobiologiýa ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalaryň wajypdygyny bellediler.

 

Maslahatyň esasy ugurlarynyň biri sanly ykdysadyýeti ösdürmek boldy. Russiýaly bilermen Alekseý Soluýanow Türkmenistanyň 2026–2028-nji ýyllar üçin sanly ykdysadyýeti ösdürmek döwlet maksatnamasy bilen bagly tekliplerini hödürledi. Gazagystandan Gülnara Abişewa bolsa bu ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň we ekspertiza mümkinçiliklerini giňeltmegiň möhümdigini aýtdy.

 

Saglygy goraýyş, maglumat tehnologiýalary we hyzmatlar ulgamy boýunça hem birnäçe çykyşlar edildi. Türkiýeli bilermenler Enkhbaatar Uliibayar we Jem Gözener lukmançylyk ulgamynda sanly tehnologiýalaryň ulanylyşy barada pikir alyşdylar. Gruziýaly Dawid Iordanişwili bolsa sanly ulgam arkaly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine ünsi çekdi.

 

Energetika we senagat pudaklary hem maslahatyň möhüm temalarynyň biri boldy. Türkiýeden gelen hünärmenler Abdullah Örs, Nedim Baral, Orhan Gün we Zafer Türkoglu nebit-gaz pudagynda innowasion çemeleşmeleriň orny hem-de serişdeleri netijeli peýdalanmagyň täze usullary barada çykyş etdiler.

 

Maslahata Türkmenistanyň hususy pudagynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Şolaryň biri — “Döwletli Nesibe” hojalyk jemgyýetiniň direktory, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler merkeziniň utgaşdyryjysy hem-de IT bilermeni Haknazar Haljanow çykyş edip, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde hususy pudagyň barha möhüm orny eýeleýändigini belledi. Ol innowasion tehnologiýalaryň telekeçilik işjeňligine edýän täsirini we ýaşlaryň IT ugurda mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň wajypdygyny nygtady.

 

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze innowasion taslamalary durmuşa geçirmek we tejribe alyşmak boýunça pikir alyşdylar. Jemleýji çykyşlarda halkara hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň ylmy we tehnologik ösüşinde möhüm orun eýeleýändigi aýratyn bellenildi.

 

Hünärmenleriň bellemegine görä, şeýle halkara maslahatlar ylmy gatnaşyklary güýçlendirmek bilen birlikde, ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikleriň açylmagyna hem şert döredýär.