logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Interesting /Halkara Ýoga güni
  28.06.2022
1071
Halkara Ýoga güni

Ýoga – bu fiziki, akyl hem-de ruhy amaldyr. Her ýylyň 21-nji iýunynda dünýä ýüzünde ýoganyň peýdalary we durmuşda ýola goýulmagy barada dünýä jemgyýetçiliginiň habarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen 2014-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary esasynda döredilen Halkara Ýoga güni bellenilýär. Bu baýram ilkinji gezek 2015-nji ýylyň iýun aýynda bellenildi.

Akyl hem-de fiziki amal bolan ýoganyň doglan ýeri Hindistan hasaplanylýar. Bu ýerde ýoga bilen meşgullanmaklyk gadymy döwürlerden bäri dowam etdirilip has-da kämilleşdirilýär. Köp adamlar üçin ýoga dynç almagyň, ruhuňy taplamagyň usuly hökmünde görülýän bolsa, käbirleri üçin ol fiziki we emosional dartgynlykdan soň dynç almagyň, beden saglygyny berkitmegiň bir görnüşidir. “Ýoga” sözüniň manysy “beden hem aňyň birleşmesi” diýmekligi aňladýar. Bu maşk bilen yzygider meşgullanýanlar daş-töwerekdäki dünýäni başgaça duýup hem-de durmuş hakykatlaryna täzeçe düşünip, akyl ýetirip başlaýandyklaryny öňe sürýärler. Ýoga bilen meşgullanan ynsanlar içki hem-de daşky dünýäniň sazlaşygyny gazanmak bilen köp zada çynlakaý çemeleşip, özüne zerur bolan düşünjeleri tapýarlar. Ýoga bilen meşgullanmaklyk XX asyrda has-da ösüp başlapdyr, oňa bolan gyzyklanma has hem artypdyr. Bu görkeziji häzirki wagtda barha ýokarlanýar.

Her ýyl belli bir şygar astynda Halkara Ýoga güni mynasybetli geçirilýän çäreler tebigatda açyk meýdanda adamlar bir bitewülikde ýoga geçip, akyl dünýäsini durlap, beden saglygyny berkidýärler. ÝUNISEF-iň habaryna görä, ýoga bilen diňe ulular däl-de, eýsem çagalaryň hem meşgullanmaklary çagalaryň fiziki hem akyl taýdan işjeň bolmagyna uly täsir edýär.

Aýşat ALLABERDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.