logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Halkara zenanlar güni
  07.03.2022
737
Halkara zenanlar güni

Änew şäherindäki medeniýet öýünde Ahal welaýat häkimliginiň we Ahal welaýat Medeniýet müdirliginiň gurnamagynda  “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Halkara zenanlar güni mynasybetli “Bark urýar baharda gülleriň müşgi, bulardan zyýada gözeller  keşbi” atly aýdym sazly baýramçylyk dabara geçirildi. Ak bugdaý etrabyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynyň köpçülikleýin dabaralary geçirilýän sahnasynda zehinli  aýdymçylaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarda, milli öwüşginli tans we halk döredijilik çykyşlarynda eziz Diýarymyzyň, bagtyýarlyga beslenen döwrümiziň, hormatly Prezidentimiziň beýik tutumly işleriniň, ruhubelent halkymyzyň waspy buýsançly we joşgunly ýetirildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde gazanylýan üstünliklere, ýetilýän belent sepgitlere, Watanymyzyň sazlaşykly ösüşlerine bagyşlanan, sungat ussatlarynyň kalbyndan joşup çykan aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Türkmeniň aýdym-saz sungatynyň özboluşlylygyny görkezýän küştdepdiniň joşgunly ýerine ýetirilen çykyşy dabarany jemledi.