logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara döwlet tarapyndan pul sowgatlary gowşurylýar
  25.02.2026
440
Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara döwlet tarapyndan pul sowgatlary gowşurylýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Buýrugyna laýyklykda, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzda dürli ýaşdaky we jemgyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän aýal-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak meýilleşdirilýär. Bu çäre zenanlaryň döwlet ösüşine goşýan goşandyny, ýaş nesli terbiýelemekdäki hyzmatlaryny hem-de milli däplerde olaryň abraýynyň ýokary tutulýandygyny görkezmek maksady bilen geçirilýär.

 

Resminamada görkezilişi ýaly, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalarda we edaralarda işleýän zenanlar, pensiýa ýa-da döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlar, ylmy dereje almak ugrunda önümçilikden aýrylmak şerti bilen okaýanlar, Döwlet gullugy akademiýasynyň belli bir möhletli okuwlarynyň diňleýjileri, ýokary okuw mekdepleriniň talyp gelin-gyzlary, orta mekdepleriň okuwçylary hem-de mekdebe çenli çagalar edaralaryndaky gyzlar bu sowgady almaga hukukly bolar.

 

Bellenen tertip boýunça, 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan 6-njy martyna çenli aralykda her bir degişli zenana dabaraly ýagdaýda 60 manat möçberindäki pul sowgady gowşurylmagy göz öňünde tutulýar. Bu başlangyç döwlet derejesinde zenanlara goýulýan hormatyň we olaryň jemgyýetdäki ornunyň ykrar edilýändiginiň nyşany hökmünde görkezilýär.