logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
  20.02.2023
2016
Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Ýakynda, «Halkara zenanlar güni» mynasybetli Tejen etrabyndaky «Bagt ýoly» toý mekanynda Tejen etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda «Dünýäniň görki siz mährem eneler» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gelin-gyzlar, kümüş saçly mährem eneler gatnaşdylar. Toý saçagynyň başyna üýşen ýaz göwünli zenanlar birek-birege iň ýakymly arzuwlaryny beýan etdiler.

Dabarada etrap medeniýet bölüminiň aýdymçylarynyň ojagyna wepalylykda, mertlikde, gözellikde, çeperçilikde, işewürlikde nusgalyk bolan türkmen zenanlarymyzy wasp edýän aýdymlary, tans toparlarynyň görkezen tanslary, sazandalaryň şirinden-şirin ajaýyp sazlary, sahna wäşileriniň şadyýan çykyşlary bu ýere gelenlere şatlyk-şowhun paýlady.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda ýurdumyzda mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza belent sarpa goýýan Gahryman Arkadygymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. 

 

Aýsoltan ÖWEZOWA, 

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap 
birleşmesiniň işgäri.