logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi
  05.03.2025
557
Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

2025-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda 8-nji mart – Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Bu çärede institutyň zenan mugallymlaryna, işgärlerine we talyp gyzlaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgady gowşuryldy.

 

Dabaranyň dowamynda institutyň ýolbaşçylary çykyş edip, zenanlaryň jemgyýetde we ylym-bilim ulgamynda eýeleýän möhüm ornuny belläp geçdiler. Olar zenanlaryň zähmetine goýulýan sarpanyň döwlet derejesinde üns merkezinde saklanýandygyny nygtadylar.

 

Çäräniň dowamynda institutyň “Kuwwat” aýdym-saz topary 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli ýerine ýetiren aýdymlary we tanslary bilen dabarany baýlaşdyrdy. Şowhunly we ruhubelent ýagdaýda geçen dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar döredilýän ähli mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we hoşallyk sözlerini aýtdylar.

 

Güljemal Amanowa,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.