logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Halkbank» PTB-nyň "Maşgala" karty barada
  08.05.2022
1210
«Halkbank» PTB-nyň "Maşgala" karty barada

Türkmenistanyň «Halkbank» PTB-nyň döwrebap bank hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň biri hem “Maşgala” bank karty hyzmatydyr. “Maşgala” bank karty “Altyn Asyr” bank karty hasabyna birikdirilmek bilen, müşderiniň  islegine baglylykda maşgalanyň her bir agzasyna şol sanda, ýedi ýaşdan uly bolan çagalara açylyp bilner. Müşderiniň arzasy ýa-da internet-bank hyzmaty arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilen. “Maşgala” bank karty çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almaga, söwda we dynç alyş nokatlarynda hasaplaşyklary geçmäge, “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary arkaly karzlaryň göterimini we esasy bergisini tölemäge, telefon, öýjükli telefon, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga we bank kartynyň galyndysyny bilmäge amatly mümkinçilikleri döredýär.