logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Culture /Halklary ýakynlaşdyrýan medeni köpri
  27.02.2023
918
Halklary ýakynlaşdyrýan medeni köpri

Berkarar döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan netijeli işleri netijesinde ynsanperwerlige esaslanýan halkara hyzmatdaşlygynda medeni gatnaşyklar hem esasy orny eýeläp, bu ugur yzygiderli ösdürilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyz halkara derejesindäki dostluk festiwallarynyň, halkara sergileriň, maslahatdyr forumlaryň, dostluk konsertleriniň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Halklary dostluga, parahatçylyga çagyrýan, milletleri jebisleşdirýän medeni çärelere uly ähmiýet berilýär. Şeýle asylly işler ýaş nesillerde watansöýüjilik, dost-doganlyk, ruhubelentlik ýaly ajaýyp häsiýetleri kemala getirmekde, şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli mirasymyzyň aýratynlyklarymyza buýsanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki döwürde milli mirasymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmek, medeni gymmatlyklarymyzy dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar, muňa taryhy ýadygärliklerimiziň, milli gymmatlyklarymyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Türkmenistan döwletimiziň dünýä ýüzündäki at-abraýyny has-da belende göterýän, milli mirasymyzyň hem medeni gymmatlyklarymyzyň aýratyn sarpalanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup çykyş edýän mynasyp ýörelgeler ýüreklerde alkyşy goşalandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilmegi, ýurdumyzyň täze rowaçlyklara beslenmegi, halkara derejesinde medeni gatnaşyklaryň berkemegi, dünýä halklarynyň arasynda parahatçylygyň, dost-doganlygyň barha pugtalanmagy, milli medeniýetimiziň, medeniýet hem sungatymyzyň dünýä ýüzünde şan-şöhrata eýe bolmagy ugrunda giň möçberli işleri ýola goýýan Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys!

 

Ýazgeldi GURBANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.