logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Halkymyz Halkara parahatçlyk we ynanyşmak ýylynda uly taryhy wakalaryň şaýady
  10.08.2021
643
Halkymyz Halkara parahatçlyk we ynanyşmak ýylynda uly taryhy wakalaryň şaýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan parahatsöýüjilik hem-de hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny işjeň durmuşa geçirýär. Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynda ýüze çykýan derwaýys meseleleri çözmek babatynda dünýä ähmiýetli döwrebap başlangyçlary ynamly öňe sürmek, Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy işjeňliginiň aýratynlygy bolup durýar. Munuň özi, ýurdumyzyň diplomatik gatnaşyklarynyň çeýeligini we köptaraplylygyny häsiýetlendirýär.

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda hem türkmen halkymyz Halkara parahatçlyk we ynanyşmak ýylynda uly taryhy wakalaryň şaýady boldy. Şol gün Türkmenistan özüniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda sebit ähmiýetli çäreleriň birbada alty sanysy geçirildi. Ýagny, ,,Ykdysady forum”, ,,Merkezi aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy”, ,,Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gazananlarynyň halkara sergisi”, ,,Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň sergisi”, hem-de ,,Merkezi Aziýa sebitiniň ruhy medenýetine bagyşlanyp geçirilen dostluk konserti” bu geçirilen duşuşugyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Atlaryndan belli bolşy ýaly, bu çäreler Merkezi Aziýa sebitini göz öňünde tutýar, ýöne ähmiýeti babatda olar sebitiň çäginden çykyp, bütin dünýäni nazarlaýar. Bu adaty bir ýagdaýdyr. Sebäbi, bir maşgalada ýaşap, ondan üzňe bolup bolmaýar. Bu sebit babatda-da şeýle. Merkezi Aziýa sebiti dünýäniň aýrylmaz bir bölegidir. Dünýä wakalarynyň sebite täsir edişi ýaly, bu sebitde bolup geçýän wakalar hem dünýä täsirini ýetirýär.

Agzybirlik-ähli gowulyklaryň açary. Agzybirligiň bar ýerinde ösüş bar, hyzmatdaşlyk bar, parahatçylyk bar. Agzyň bir bolup, bir maksada gulluk etseň, ýetilmejek sepgit, gazanylmajak üstünlik bolmaýar. Hormatly Prezidentimiz hem, Awazada sebit ähmiýetli çäreleri geçirmek arkaly juda sogaply iş etdi. Bu çäreler Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ýardam berdi.