logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany
  06.07.2026
25
Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany

Senenamamyzda 2026-njy ýyl ýylky ýagny at ýyly. Bu ýylda köneler aýtmyşlaýyn, rysgal-döwlet, bereket bol bolup, adamlaryň ojagyna bagt guşy gonarmyş. Hut şeýle ynançlaryň bolsa hakykatdan üzňe däldigini bellemek gerek. Üstümizdäki ýylyň adyna «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly adynyň berilmeginde-de çuňňur manynyň, pelsepewi pikiriň, halkymyzyň öz atyna goýýan sarpasynyň ýatandygyny duýmak bolýar.

 

Dana halkymyzda «Bedew at menzil keser», «Çyn bedewler meýdanynda bellidir», «Gawun gabygyndan tanalar, bedew — söbüginden», «Taý ata ýetirer, at — myrada» diýilýär. Bu parasatly sözler Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly ajaýyp kitapda-da öz beýanyny tapdy. Halk paýhasynda şeýle jümleleriň bedewler bilen baglanyşdyrylyp döredilmegi olara bolan sarpanyň has irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýandygyny alamatlandyrýar.

 

 Häzirki wagtda ahalteke atlaryny ýetişdirmek, bu ugurdaky milli tejribämizi ylmyň gazananlary bilen baýlaşdyrmak arkaly arassa ganly bedewlerimizi asyl gözelliginde, ýyndamlygynda geljek nesillere ýetirmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda döwletimiz tarapyndan ähli tagallalar edilip, uly mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi atçylyk pudagynyň has-da ösdürilmegine öz täsirini ýetirmek bilen bir hatarda, ýaşlaryň hem bu ugurda işjeňliginiň, milli mirasymyza sarpasynyň, atşynaslyk sungatyna gyzyklanmasynyň artmagyna ýardam berýär.

 

Laçyn TEKEDURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

žurnalistikasy fakultetiniň  talyby.