logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Health /Halkymyzyň saglygy – döwletimiziň baş baýlygy
  17.01.2024
758
Halkymyzyň saglygy – döwletimiziň baş baýlygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda saglygy goraýyş pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy täze belentliklere çykýar. Innowasion ugurlara esaslanmak bilen, lukmançylyk edaralarynyň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak, ilata ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek, raýatlaryň sagdynlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. 

 

 

Saglygy goraýyş ulgamyna sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde maglumatlary alyşmak üçin göni sanly aragatnaşyk ulgamyndan peýdalanylýar. Iň täze telekommunikasiýa we kompýuter tehnologiýalary, uzak aralyga garamazdan, meýilnamalaýyn we tiz lukmançylyk kömegini bermek, şeýle hem keselleri anyklamak, bejermek we öňüni almak ulgamynda yzygiderli geňeşmeleri geçirmek, tejribe alyşmak üçin ýokary hünärli daşary ýurtly hünärmenleri çekmäge mümkinçilik döredýär. 

 

 

Şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýä we sporta jemgyýetçilik saglygynyň esas goýujy şertleri hökmünde garalýar. Ýurdumyzda giň gerimli öňüni alyş çäreleriniň çäklerinde bedenterbiýe-sagaldyş hereketini işjeňleşdirmäge, halk köpçüligini sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga çekmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär.

 

 

Göwher GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.