logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Halkyň Arkadagly zamanasy
  13.01.2022
713
Halkyň Arkadagly zamanasy

Mertebesi belent Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşynda esaslandyran ajaýyp döwri ildeşlerimiz tarapyndan “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýip ykrar edildi. Ata watanymyz  Türkmenistanda 2007-nji ýylda berkarar edilen bu täsin döwür ýurdymyzyň asuda hem abadan durmuşyny eşretli hem bolelin ýaşaýşynyň, parahat hem bagtyýar ykbalynyň nyşanyna öwrüldi. Çüňki, milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda baky Bitarap  ýurdumyzyň gün saýyn gülläp ösüp, kuwwatly döwlete öwrülmegi, halkymyzyň Gahryman Arkadagly zamanamyza bolan belent söýgüsini aýan etdi.

Bu belent söýgi Beýik Arkadagly zamanamyzyň kalbymyzda bagtyýarlyk mukamy bolan belet ruhuny alamatlandyrýar. Hut şu nukdaýynazardan-da, 2021-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalaryň merkezinde bolup geçen “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: hormatly prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasatyny dabaralanmasy” atly maslahatda ildeşlerimiz tarapyndan 2022-nji ýylyň şygaryny kesgitlemeklik boýunça öňe sürülen teklipleriň we ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde indiki ýyly “Halkyň Arkadagly zamanasy” türkmeniň şu günki ajap ykbalydygyny ykrar edýär.

Diýmek, “Halkyň Arkadagly zamanasy”- eşretli durmuşyň güwäsi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň sanly ulgam arkaly 2021-nji ýylyň 4-nji dekabrynda geçirilen altynjy çagyrylşynyň on altynjy maslahatynda “Durmuş hyzmatlary hakynda”, “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň nyşanydyr.

 “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň bolsa ynsan saglygynyň ýurdumyzyň baş baýlygy bolan nobatdaky ykrarnamasydyr.

Bu Kanunlar 2022-nji ýyla –“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylyna gadam basjak halkymyz täze ýylda Hormatly Prezidentimiz baştutanlygynda belent maksatlary amal ederler.