logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Politics /Halkyň röwşen ykbaly
  10.12.2022
756
Halkyň röwşen ykbaly

Parahatçylyk bilen ynanyşmagyň bar ýerinde asudalygyň, bagtyýarlygyň bardygy hemmämize aýdyň hakykatdyr. Şeýle hakykata düşünip, joşgunly zähmet çekýän halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eşretli durmuşyň hözirini görýär. Bu günki günde bolsa, Halkara Bitaraplyk gününiň toýuny toýlamaga taýýarlyk görýän halkymyz bu baýramçylyga zähmet sowgatly barmak hyjuwy bilen joşýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde ýurdumyz uly ösüş-özgerişlere eýe boldy. Mähriban halkymyz parahatçylyk söýüjilik, agzybirlik, dostluk we ylalaşmak, gurmak we döretmek ýoly bilen ynamly gadam bilen öňe barýar. Ýurdumyzda güneşli Diýarymyzyň at-abraýyny, eziz halkymyzyň şan-şöhratyny arşa göterýän giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar.

Berkarar döwletimizde Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynda hem öňegidişlikler gazanylýar. Milli Liderimiziň bilim ulgamynda amal edýän parasatly syýasaty bolsa halkymyzyň, ýaş nesliň aň-bilim mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge gönükdirilendir. Biz — mugallymlaryň her günki aladasy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzyň bilim ulgamyny ösdürmekdäki alyp barýan işlerine jogap edip, kämil pikirli, giň dünýägaraýyşly, Watanyň geljegi bolan nesilleri ylymly-bilimli terbiýeläp ýetişdirmekdir.

Ýaş nesilleriň bagtyýar döwürde erkana okap, Watan üçin gerekli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris! 

 

Nurgeldi NURGELDIÝEW, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.