logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Culture /Halyçy zenanlaryň hünär başarnygy
  19.04.2020
950
Halyçy zenanlaryň hünär başarnygy

     Änew şäherindäki Türkmenistanyň Milli “Ak bugdaý” muzeýinde “Arkadagyň ylhamynyň nury sen, gözellik dessany türkmen halysy” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de  “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň ýurdumyzyň halyçy zenanlarynyň arasynda bilelikde yglan eden bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna welaýatymyzyň ähli ýerinden çeper elli halyçylar gatnaşdy.

    Bäsleşigiň başynda oňa gatnaşyjylar muzeýiň giň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan el hünärine degişli işleriň sergisi bilen tanyşdylar. Sergide bäsleşigine gatnaşyjylar zenanlara degişli işlere aýratyn orun berildi. Olaryň dokan halydyr halyçalary, ýerine ýetiren sowgatlyk önümleri we  halyçylyk sungatyna degişli beýleki nepis işleri hemmelerde uly gyzyklanma döretdi.

    Soňra halyçy zenanlar gezekli-gezegine çykyş edip, “Haly — türkmeniň kalby”, “El bilen döredilen gudrat”, “Gözellik dowamaty” diýlip, atlandyrylan şertler boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. 

     Halyçy zenanlar  çykyşlary arkaly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçmişi şöhratly taryha beslenen halkymyzyň medeni mirasyna, milli-ruhy gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berilýändigi, milli halyçylyk sungatynyň täze many-mazmunda baýlaşýandygy bilen baglanyşykly hakykaty açyp görkezmegi başardylar. 

    Bäsleşigiň netijesinde Bäherden etrabynyň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylary Annasoltan Mämmedowa, Nurnabat Hojadurdyýewa, Gökdepe etrabynyň ýaşaýjysy, halyçy Ogulgerek Ataýewa ýeňiji bolup, onuň döwlet derejesindäki jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşyjy zenanlara Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.