logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Halypa žurnalist Aýnabat Durdyýewa aradan çykdy
  21.10.2022
1258
Halypa žurnalist Aýnabat Durdyýewa aradan çykdy

Halypa žurnalist, «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň uly habarçysy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Aýnabat Durdyýewa aradan çykdy. Bu barada «salam.news» habar berýär. 

Aýnabat Durdyýewa - 1955-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ine Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda doguldy. Ol heniz on ýedi ýaşynda mahaly 1972-nji ýylyň sentýabrynda «Türkmenistan» gazetiniň gapysyndan ätledi. Halypa žurnalist 1979-njy ýylda Magtymguly adyndaky TDU-ny üstünlikli tamamlady. 

1972 — 2017-nji ýyllar aralygynda «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynda kompýuter ýygymynyň operatory, uly habarçy, bölüm redaktory, bölüm müdiri, uly habarçy, 2017-nji ýyldan şu güne çenli bolsa, gazetiň uly habarçysy wezipesinde abraý bilen zähmet çekdi. Uzak ýyllaryň dowamynda çeken halal we yhlasly zähmeti üçin, 2019-njy ýylda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy.