Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Buýan ösümliginiň dermanlyk häsiýeti ✦ ✦ Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Ýurdumyzyň ösüş ýolunyň täze tapgyry ✦ ✦ «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy ✦ ✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Halypanyň heýkeltaraşlyk hazynasy
  11.06.2020
1098
Halypanyň heýkeltaraşlyk hazynasy

      Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hormatly doktory Babasary Annamyradowyň döredijiligi milli heýkeltaraşlyk sungatymyzyň taryhynda özüniň mynasyp ornuny tapýar. Halypa heýkeltaraş ilkibaşdan döredijilik ýolunda öz zehin başarnygy bilen adygyp başlaýar. XX asyryň 70-nji ýyllarynda Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň, Daşkendiň ýokary okuw mekdeplerini tamamlap gelen türkmen heýkeltaraşlary ýurduň döredijilik durmuşyna işjeň aralaşyp, ýerli sungat akymlarynyň döremegine badalga berýärler. Şol döwürde maksada okgunly heýkeltaraş Babasary Annamyradow bilen bir hatarda onuň kärdeşleri S.Hudaýberdiýew, M.Seýitmyradow, M.Nurymow, G.Ýarmämmedow, B.Esengeldiýew, N.Ataýew, S.Babaýew we beýlekiler türkmen sungatyna täze döwrebaplygy getirdiler. Olar ýaşlyk we söýgi temasyny ähli başlangyçlaryň özeni hökmünde suratlandyrýarlar.

      Şahyranalyk bilen çeper keşbi beýan etmekde heýkeltaraş Babasary Annamyradowyň «Tolkunlaryň üstünden ylgap barýanlar» (1973ý), «Döredijiniň keşbi», «Habar» (1974), «Çagyryş» (1976) ýaly ilkinji üstünlik getiren eserleri täze pikirleri özünde jemleýär. Onuň «Zelili» (1984) atly heýkel eseri nepis ýerine ýetirilişi bilen özüne çekip, şahyryň içki dünýäsiniň gözelligini tomaşaça aydyň görkezýär. Ussadyň ilkinji döredijilik ädimlerinden başlap, oňa ýoldaş bolan kärdeşleriniň özboluşly döredijilik ýollary, türkmen sungatynyň ýeňil bolmadyk usullarynyň taryhyny has-da baýlaşdyrýar.

       Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 10 ýyllygy bagynda sungat bilen tebigatyň utgaşmagyndaky ýokary sazlaşyk emele getirildi. Bu seýilgähde biziň şöhratly taryhymyzyň beýik şahsyýetleri: Oguz hanyň, Gorkut atanyň pähimdar keşpleri halkyň ruhy sütünlerini beýan edijiler hökmünde örboýuna galýar. Sazlaşygyň hatary meşhur serkerdeleriň, döwlet işgärleriniň, Görogly begiň, Seljuk begiň, Alp Arslanyň, Mälik şanyň, Soltan Sanjaryň, Ärtogrul Gazynyň, Uzyn Hasanyň, Gara Ýusubyň, Baýram han türkmeniň, Keýmir körüň heýkelleri bilen dowam edýär. Wagt yzygiderliginde ýaýbaňlandyrylan şekillendiriş eserleriniň içinde türkmen nusgawy edebiýatynyň wekilleri Magtymgulynyň, Keminäniň, Seýdiniň, Zeliliniň, Mollanepesiň, Mätäjiniň heýkellerine uly orun degişlidir. Bu uly toplumyň döredijilik işine Babasary Annamyradow ýolbaşçylyk edipdi.

       Ussat halypanyň döredijilik mümkinçilikleri häzir has-da pajarlady. Muny biz ussadyň «Oturan adam», «Altyn alma», «Ýaz», «Üç alma», «Hasyllyk», «Adam ata we How ene», «Erem bagy», «Iki alma» hem narlara bagyşlanan işlerinde agaç we dürli berk serişdeleri ýokary ussatlyk bilen janlandyrmagy başarmagynda aýdyň görýäris.

       Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow çuňňur filosofiki pikirleri özünde jemleýän ajaýyp döredijilik eserler toplumy häzirki zaman türkmen sungatynyň baý mirasy hökmünde ykrar edilmäge mynasypdyr.