Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /HARMANYŇA BEREKET, PAGTAÇY!
  19.09.2019
728
HARMANYŇA BEREKET, PAGTAÇY!

    Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 30-njy awgustynda geçiren  Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 11-nji  sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 18-nji sentýabrda  pagta ýygymyna ýaşulularyň gatnaşmagynda  başlamaga ak pata berdi hem-de  «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda edermen pagtaçylarymyzyň ösdürilip ýetişdirilen, milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» bol hasylyny ýygnap, uly zähmet üstünliklerini gazanjakdyklaryna, belent sepgitlere ýetjekdiklerine berk ynam bildirdi.

    Şundan ugur alyp,  gadymy Ahal topragynyň “ak altyn” ussatlary ýaşuly nesliň gatnaşmagynda pagta ýygymyna guramaçylykly girişdiler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 28 ýyllyk toýunyň uludan toýlanyljak ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýän welaýatyň pagtaçylary şu ýyl 120 müň gektarda gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler hem-de ýygyma ýokary taýýarlyklar bilen geldiler. Pagta ýygyjy kombaýnlar we beýleki tehnikalar möwsüme doly derejede taýýar edildi. Möwsümde welaýat boýunça  ýokary öndürijilikli kuwwatly kombaýnlarynyň 255-si, şol sanda täze gelip gowşan “John Deere 9970”  kysymly pagta ýygyjy kombaýnlarynyň 50-sini  bökdençsiz işletmek göz öňüne tutulýar, pagta kabul ediş harmanhanalaryň bolsa 24-si hereket eder. Edermen pagtaçylar şanly ýylda  207 müň tonna ýokary görnüşli gowaça hasylyny almagy öňlerinde maksat edip goýdular. Şeýle bolansoň, olar oba hojalygyndaky bu jogäpkärli möwsüme ýokary taýýarlyk gördüler.

    Welaýatyň il-sylagly ýaşulularynyň gatnaşmagynda Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň  pagta meýdanlarynda  ýygyma uly ruhubelentlikde, köpçülikleýin häsiýetde girişildi. Toý-baýramlaryň ýaraşygy bolan başy buýsançly ýaşulular   ýagşy arzuwlar bilen “ak altynly” pellere girdiler hem-de ilkinji atyzlardaky hasyly dabaraly ýagdaýda ýygdylar. Bu bolsa welaýatda pagta ýygymyna badalga boldy. Ol ýerde şu mynasybetly aýdym-sazly çykyşlar guraldy. Soňra welaýatda pagta ýygymyna girişmegine bagyşlanan  çäre pagta kabul ediş kärhanasynda “Ak kerwen” dabarasy bilen dowam etdi. Ol ýerde kerwen guran üsti pagtaly awtoulaglaryň, traktor tirkegleri dabaraly ýagdaýda garşylandy. Kärhana getirilen täze hasylyň ilkinji tonnalarynyň agramy  gapanlardan çekildi hem-de ýörite enjamlarda arassalandy. Toý ruhuna beslenen esasy sahnada bolsa welaýatda ilkinjileriň hatarynda tabşyryga hötde gelnen öňdebaryjy pagtaçy kärendeçileriň sylaglamak çäresi boldy. Sylaglananlaryň arasynda welaýatyň ähli  etraplaryndan pagtaçylar bar.

 

    Şol gün welaýat merkezindäki Medeniýet öýünde pagta ýygymyna bagyşlanan usuly maslahaty hem boldy. Oba hojalyk işgärleriniň geňeş-maslahatynda welaýatyň ekin meýdanlarynda ýetişdirilen gowaça hasylyny guramaçylykly, ýitgisiz ýygnamak, gowaça hasylyny kabul etmegiň düzgünleri, gowaça hasylyny öndürijiler bilen hasaplaşmagyň düzgünleri, tehnikalaryň taýýarlygy barada gürrüň edildi, tejribe alşyldy.

    Soňra welaýatda pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli  toý sadakasy berildi.