logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Harmanyňyza bereket
  13.09.2021
724
Harmanyňyza bereket

Ýurtda geçirilýän giň gerimli oňyn özgertmeler netijesinde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygy hem yzygiderli ösýär. Döwlet tarapyndan berilýän goldaw netijesinde daýhanlar tutanýerli zähmet çekip, bu ýyl hem pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Hormatly Prezidentimiziň 08-nji Sentýabrynda ak pata bermegi bilen pagta ýygymyna girişdiler. Pagta ýygym möwsümi ak kerwenler bilen açmak türkmen pagtaçylarynyň öňden gelýän däbi bolup, ol täze taryhy döwürde hem dowam edýär. Häzir daýhanlaryň baş wezipesi ýetişdirilen bereketli pagta hasylyny meýdanlardan öz wagtynda we ýitgisiz ýygnap almakdan we Watan harmanyna tabşyrmakdan ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, gowaça ýurdumyzyň oba hojalygynyň wajyp ekini bolup, ony ösdürip ýetişdirmegiň öňden gelýän baý däpleri bar. “Ak altyny” öndürmek we gaýtadan işlemek milli oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Döwlet Baştutanymyzyň oňyn özgertmeler maksatnamasy netijesinde soňky döwürde bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy. Babadaýhan etrabynyň daýhan birleşikleri şanly Garaşsyzlygymyzyň 30-ýyllyk toýuna zähmet sowgatlary bilen uly taýýarlyk görýärler. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap komiteti tarapyndan Hasyl hem-de Ak altyn daýhan birleşiklerinde 2021-nji ýylyň pagta hasylynda pagta ýetişdiren kärendeçileri hem-de pagta ýygýan ýygymçylary zähmete höweslerini artdyrmak üçin gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.