logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Hasyl isripsiz ýygnalar
  13.09.2020
780
Hasyl isripsiz ýygnalar

     Tejen etrabynyň pagtaçy kärendeçileri özleriniň ekerançylyk meýdanlarynda bol hasyly kemala getirdiler. Olar bu gün ýylboýy yhlasly zähmet çekip, ösdürip ýetişdiren hasylyň miwesini gördüler. Gowaçaly meýdanlar “ak-altynly” atyzlara öwrüldi. Olary köpmüňçi ýygymçylar bezedi.

       Etrabyň pagtaçy kärendeçileri daýhan birleşiklerinde kemala getirilen bol hasyly tehnikalar bilen ýygnamaklygy hem göz öňüne tutýarlar. Olar munuň bilen baglanşykly ekerançylyk meýdanlaryny saýlap aldylar. Şeýle hem onuň bilen baglanyşykly meýdanlarda taýýarlyk işlerini geçirmäge dahylly iş meýilnamalaryny düzdüler. Bu işiň düzümine pagta ýygymyna dahylly edara-kärhanalaryň hünärmenleri girizildi we maslahatlar geçirildi.

       Pagta ýygyjy kombaýynlary sürmeklik bolsa adatdakylar ýaly köp ýyllyk tejribesi bolan mehanizatorlara ynanyldy. Ekerançylyk meýdanlaryndan pagta kabul ediş merkezlerine gymmatly çyg maly- akaltyny daşajak awtoulaglaryň sürüjileri bilen usuly okuw maslahatlary geçirildi.

      Daýhan yhlasy bilen kemala getirilen hasylyň ýitgisiz ýygnalmagy Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygyna pagtaçy kärendeçileriň mynasyp sowgady bolar.