logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /HASYL TOÝUNA BAGYŞLANDY
  08.11.2019
1030
HASYL TOÝUNA BAGYŞLANDY

     Änew şäheriniň  Mukaddeslik meýdançasynda Hasyl toýy mynasybetli şatlyk-şowhuna beslenen dabara geçirildi. Oňa edara-kärhanalaryň, guramalaryň işgärlerinden, ýaşuly nesliň wekillerinden, oba zähmetkeşlerinden başga-da, welaýatyň ähli ýerinden gelen dürli kärdäki raýatlar gatnaşdy.

     Esasy sahnada gutlag sözleri aýdyldy, welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlaryna tomaşa edildi. Hoş owaz bilen ýerine ýetirilen joşgunly aýdym-sazlar, tans çykyşlary döwrümiziň belent waspy bolup, toýçy märekäniň göwnüni galkyndyrdy. Ol ýerde öňdebaryjy oba zähmetkeşleriniň, hasyl ussatlarynyň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy ýakymly pursatlarynyň birine öwrüldi.

     Ýörite bellenilen ýerde guralan ak öýleriniň daş-töweregindäki şüweleňler has-da uly gyzyklanma döretdi. Dutarçy bagşylaryň çykyşlary, giň göwrümli  sergiler, sportuň milli görnüşleri boýunça ýaryşlar ol ýere özboluşly many öwüşginini berdi. Türkmen ýigitleriniň at üstündäki görkezme çykyşlaryny, kerwen guran bezemen düýeleriň hataryny hem synlamagyň öz lezzeti boldy. Toýçy märekä dürli dümen tagamlardan hödür edildi. Şeýle ruhubelentlikde geçen dabara  ýakymly duýgular bilen ýatda galdy.