logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Hasyl toýy - berekediň toýy
  10.11.2023
905
Hasyl toýy - berekediň toýy

Ähli ulgamlaryň sazlaşykly ösdürilýän, çyn yhlasyň mynasyp sarpalanýan eziz ýurdumyzda her bir günümiz zähmet üstünliklerine beslenýär. Bereketli güýz pasly turuwbaşdan baýramlara, şanly senelere ulaşyp gelýär. Şol dabaralaryň biri-de her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde uludan bellenip geçilýän Hasyl toýydyr. Bu milli baýramçylyk ekerançylaryň hyjuwly zähmetine, sahawatly türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla bolan ählihalk buýsanjyny alamatlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe edermen daýhanlarymyzyň ýadawsyz zähmet çekmekleri üçin oňaýly şertler yzygiderli döredilýär. Daýhanlarymyzyň hünär baýramçylygynda obasenagat toplumynyň ösdürilmegine goşant goşan kärendeçilere, mehanizatorlara, alym-agronomlara, seçgiçilere mahlasy bu pudakda alyn derini döküp zähmet çekýän, ene toprak bilen bagry badaşan ökde hünärmenlere hormatly atlar dakylyp, sylaglar gowşurylýar. Gahryman Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Hasyl toýy türkmen daýhanlarynyň çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde goýulýan belent sarpadan aýdyň nyşandyr.

Häzirki wagtda obasenagat toplumyny işjeňleşdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen, ýurdumyzda azyk bolçulygy döredilip, milli ykdysadyýetimiziň eksport mümkinçilikleri barha giňeýär. Ýurdumyzda obasenagat toplumyny döwlet tarapyndan goldamagyň bir bitewi ulgamynyň kemala gelendigi örän buýsandyryjydyr.

 

 

Arslan HAÝDAROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň 
4-nji ýyl talyby.