logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Economics /Hasyl toýy giňden tutuldy
  13.11.2020
1134
Hasyl toýy giňden tutuldy

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady özgertmelerinde döwlet oba hojalyk syýasatynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyna, ekerançylaryň önjeýli zähmet çekmekleri üçin amatly şertleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezdi. Watan harmanyna «ak altynyň» millionlarça tonnasyny tabşyran edermen pagtaçylaryň ýeten arzyly sepgidi, galan hasyly isripsiz ýygnamak ugrundaky maksady, olaryň özleri barada döwletimiz tara- pyndan yzygiderli edilýän aladany duýup, joşgunly zähmete yhlaslydyklaryny alamatlandyrdy. Oba zähmetkeşleriniň gazanan ýokary görkezijileri döwletimiziň goldaw-hemaýatlarynyň mynasyp jogaby, eziz Diýarymyzda uludan tutulan Hasyl toýunyň taýsyz sowgady bolup, bu toýuň baýramçylyk çäreleriniň başlanmagyna badalga berdi. Medeni ekerançylygyň mekany hasaplanýan ata Watanymyzda hasyl toýy milli baýramçylyk derejesinde has irki döwürlerde hem dabaraly ýagdaýda bellenipdir. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdan toýuň many-mazmunynda ata-babalarymyzyň asyrlarboýy sünnäläp, sungat derejesine ýetiren daýhançylyk däpleri we onuň geçmiş taryhy jemlenipdir. Hasyl baýramçylygynyň däpleri halkymyzyň milli mirasyny, medeni gymmatlyklaryny baýlaşdyryp, agzybirligini pugtalandyrypdyr. Adamlaryň eşretli durmuşa, sagdyn ýaşaýşa, nurly geljege bolan ynamyny artdyrypdyr. Hukuknamalaryndan gelip çykýan talaplar her bir adamda döwlet tarapyndan goralýan tebigy baýlyklardan akylly-başly peýdalanmagy, daşky gurşawyň gadyr-gymmatyna sarpa goýmagy terbiýelemek bilen, raýatlyk jogapkärçiligini ýokarlandyrýar. Ähli raýatlarda, aýratyn-da, ýaş nesillerde ene topragy söýmek, gözel tebigata sarpa goýmak, halal zähmet çekmek endiklerini berkitmek bilen, hukuk, zähmet, ekologiýa ahlagyny we medeniýetini ýokarlandyrýar. Merdana halkymyzy Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegi üçin janypkeşlikli zähmet çekmäge, rysgal-bereketli topragymyzdan bol hasyl öndürip, Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwaty-ny has-da pugtalandyrmaga, ählumumy durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ugrundaky wezipelere işjeň gatnaşmaga ruhlandyrýar. Uly toý halkymyzyň yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, bereketli türkmen topragyndan öndüren hasylyna bolan buýsanjynyň beýanydyr. Hasyl toýy türkmen halkynyň rysgal-berekediniň, oba hojalykçylaryň ene topraga bolan yhlasynyň we söýgüsiniň dabaralanmasy bolup dünýä ýaň saldy.