logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /"Hasyl toýy" rysgal bereketdiň toýy
  12.11.2023
743
"Hasyl toýy" rysgal bereketdiň toýy

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň herbir güni toýdur baýramlara beslenýär. Eziz Diýarymyzda geçirilýän baýramlaryň biri hem her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bellenilýän baýramçylygymyz, ýagny “Hasyl toýy” uly dabara bilen geçirilýär.

 

 

Gözbaşyny ençeme asyrlardan alyp gaýdýan, bu baýramçylykda zähmetsöýer daýhanlarymyz ýylboýy çeken zähmetleriniň rähnetini görýär. Ata-babalarymyz “Çekseň zähmet, ýagar rähnet” diýip azaply zähmetiň hözirini, zähmetiniň miwesini görmeklik ynsan üçin uly bagtdygyny nygtapdyrlar.

 

 

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk pudagyna örän uly üns berýär. Bu pudakda alynyp barylýan işler, çekilýän halal zähmetiň netijesinde sahawatly türkmen topragyndan ekinleriň, ir-iýmişleriň bol hasyly ösdürip ýetişdirmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge mümkinçilik döretýär.

 

 

Şu ýylyň 10 aýynyň jemi boýunça oba hojalyk toplumynda önümçiligiň ösüş depgini, 102,8 göterime deň. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, bugdaýyň ekilişine we pagta hasylynyň ýygnalyp almaklyk boýunça zerur çäreler görülýär.


Musa Şamyradow,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar
we informatika institutynyň
I ýyl talyby.