logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Talyplar we ýaş telekeçiler eksport boýunça amaly maslahatlar aldy ✦ ✦ TOHU-da ýaşlaryň marketing bilimini artdyrmak üçin açyk sapak guraldy ✦
Home / Nature /Haýwanlar  gürleşýärmi?
  20.06.2023
727
Haýwanlar  gürleşýärmi?

Hawa, haýwanlar dil bilmese-de, olaryň aýratyn dili bolmasa-da, adam nukdaýnazaryndan olaryň biri-biri bilen  aragatnaşyk saklamagynyň başga ýollary bar. Kitler aýdym aýdýarlar, gurbagalar gygyrýarlar, möjekler uwlaýarlar we guşlar saýraýarlar. Haýwanlar dünýäsiniň dürli görnüşleri dilden başga görnüşde gürleşýärler.

Meselem, Delfinler bir  sebäbe görä suwy urýarlar, şeýdip sürüsiniň wekilleri bilen aragatnaşyk saklaýarlar. Deňiz haýwanlarynyň ýa-da mör-möjekleriň käbir görnüşleri biolýüminesensdirler. Başgalara habar bermek islänlerinde ysly madda bölüp çykarýarlar.

Şeýle hem haýwanat dünýäsiniň wekilleri öz arasynda akustiki taýdan aragatnaşyk saklaýarlar. Bularyň arasynda kitler we delfinler bar. Deňizleriň we ummanlaryň dürli ýerlerinde bu haýwanlar başgaça gürleýärler. Olaryň beýle aragatnaşygy adam sözleriniň şiwelerine meňzeýär.

Haýwan görnüşleriniň arasyndaky aragatnaşyk gaty uly rol oýnaýar. Bu ylmy gözegçilik esasynda, tegelek guýrukly Madagaskar  iguana  Madagaskarda ýaşaýan raý siňeginden gelýän howpy beýlekilere signal arkaly duýdurdy. Geçen asyrlarda deňizlerde we ummanlarda gämileriň sanynyň ep-esli artmagy kitleriň aragatnaşyk endiklerine gaty ýaramaz täsir etdi. Aýdymçy guşlar şäher köçesiniň sesinden ejir çekýärler. Olaryň käbirleri doganlaryny eşidip biler ýaly ses signallaryny ýaýratmagyň usullaryny üýtgetmeli bolýarlar. 

 

Guli UMIDŽANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agronomçylyk fakultetiniň 
4-nji ýyl talyby.