logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Haýyr-sahawat gaznasy çagalar üçin şüweleň geçirdi
  30.03.2024
807
Haýyr-sahawat gaznasy çagalar üçin şüweleň geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 3 ýyllygy mynasybetli, paýtagtymyzda, ýaňy ýakynda açylan "Arkaç" söwda-dynç alyş merkezinde çagalar üçin şüweleň geçirdi.

 


Bu şüweleňe Aşgabat şäherindäki Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň çagalary, Arkadag şäherinde geçirilýän Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga gelen daşary ýurtlaryň mekdep okuwçylary şeýle-de paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdy.

 


Çagalar söwda-dynç alyş merkeziniň oýun meýdançalarynda, dürli atraksionlarda oýnap dynç aldylar, iýip-içdiler we söwda-dynç alyş merkeziniň içine gezelenç etdiler. Şüweleňiň çäginde çagalar üçin dürli görnüşli şarlaryň ýagdyrylyş pursaty diýseň täsirli boldy. Şüweleňiň ahyrynda çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy.


Bu şüweleňiň guramaçylygyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary işjeň gatnaşdylar. 


Allamyrat Gapurow,
Magtymguly adyndaky TDU-niň
2-nji ýyl talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.