logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /«Hazar – Dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
  13.08.2022
741
«Hazar – Dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

12-nji awgustda, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda. Halkara Hazar deňziniň gününe bagyşlanylyp, «Hazar – Dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahat, Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginiň goldaw bermeginde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guraldy.

Ylmy-amaly maslahata, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, alymlar, şeýle-de Hazarýaka döwletleriň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, iri halkara guramalaryň — BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň ýurdumyzdaky edarasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri gatnaşdylar.

Çärede, Hazar deňiz gurşawyny goramagyň esasy meseleleri, Hazar ýurtlarynyň arasynda dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki meýilnamalary we täze sebit taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.