logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Häzirki zaman mekdeplerinde çaga terbiýesi
  29.08.2020
1047
Häzirki zaman mekdeplerinde çaga terbiýesi

       Elbetde, adamyň kemala gelmegi üçin jemgyýetiň täsiriniň hem iňňän uly ähmiýeti bardyr. Ýöne jemgyýetiň ösüşlerine goşandyny goşýan şahsyýetiň, ilhalar ynsanyň kemala gelmegi ata-enäniň göreldesiniň, tälim-terbiýesiniň netijesidir, olaryň perzendi hakyndaky iň süýji arzuwynyň amala aşmagydyr.

     Dünýäde  meşhur şahsyýetleriň, beýik ynsanlaryň durmuşy dogrusynda dowamata öwrülýän öwütleriň, pentleriň ençemesi taryhdan bellidir. Şolaryň ählisinde bar bolan özara meňzeşlik, mahsuslyk bolsa enä bolan söýgi diýilse, hemmeler munuň bilen ylalaşarlar. “Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr” diýen pähim şu mazmundaky pikirleri ganatlandyrýar. Bu juda täsin hem-de oýlanyşykly, uçursyz üýtgeşik aýdylan sözler. Ene hakynda şeýle pikiri aýtmagyň özü-de mukaddeslige tagzym etmekdir. Adam döräli bäri syrly bolup gelýän sowalyň çözgüdi hem şol jümlede jemlenipdir.